Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli, iş kesilen 321 raýatyň günäsini geçdi
Ähli kategoriýalar20.03.2574656Sosial ulgamda paýlaşmakTürkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli, iş kesilen 321 raýatyň günäsini geçdiSurat: TDHŞu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbe eýermek bilen, iş kesilen 321 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutany toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Afişa
Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk sirk çykyşlary 23-nji martda Aşgabatda başlanar
"Motsart. Alem-jahan. Saz" konserti Aşgabatda geçiriler
Röwşen Nepesowyň orkestri Aşgabatda konsert bilen çykyş eder
Estrada aýdymçylary Nowruz baýramy mynasybetli Aşgabatda çykyş ederler
Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk sirk çykyşlary 23-nji martda Aşgabatda başlanar
"Motsart. Alem-jahan. Saz" konserti Aşgabatda geçiriler
Makalalar
«Kitap okaýan dünýäni görer»: özüňi kämilleşdirmek üçin saýlama kitaplar
Ak şäherim Aşgabat 2026: Binagärlik, innowasiýa we durnukly şäher gurluşygy boýunça halkara forum
Görüşiň peselmegine näme sebäp bolýar?
Sportuň sanlylaşdyrylmagy: e.gov.tm portaly arkaly «Aşgabat» stadionynyň hyzmatlaryndan nähili peýdalanmaly
«Kitap okaýan dünýäni görer»: özüňi kämilleşdirmek üçin saýlama kitaplar
Ak şäherim Aşgabat 2026: Binagärlik, innowasiýa we durnukly şäher gurluşygy boýunça halkara forum