Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň uniwersitetleriniň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň uniwersitetleriniň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

Ähli kategoriýalar02.09.2545978Sosial ulgamda paýlaşmakTürkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň uniwersitetleriniň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

Habar berşimiz ýaly, düýn Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň çäklerinde okuw binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de bu ýurduň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýokary tehnologiýa we okuw enjamlary ornaşdyrylan täze okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň ýatdan çykmajak waka öwrülendigini, onuň energetika babatda halkara ylym-bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde täze sahypany açýandygyny bellediler.

Dabara gatnaşan daşary ýurtly wekiller elektroenergetika pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläk-de tagalla etmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Afişa

Estrada aýdymçylary Nowruz baýramy mynasybetli Aşgabatda çykyş ederler

Aşgabadda kontrbasçy Guwanç Saryýewiň konserti geçiriler

"Motsart. Alem-jahan. Saz" konserti Aşgabatda geçiriler

Röwşen Nepesowyň orkestri Aşgabatda konsert bilen çykyş eder

Estrada aýdymçylary Nowruz baýramy mynasybetli Aşgabatda çykyş ederler

Aşgabadda kontrbasçy Guwanç Saryýewiň konserti geçiriler

Makalalar

«Kitap okaýan dünýäni görer»: özüňi kämilleşdirmek üçin saýlama kitaplar

Ak şäherim Aşgabat 2026: Binagärlik, innowasiýa we durnukly şäher gurluşygy boýunça halkara forum

Görüşiň peselmegine näme sebäp bolýar?

Sportuň sanlylaşdyrylmagy: e.gov.tm portaly arkaly «Aşgabat» stadionynyň hyzmatlaryndan nähili peýdalanmaly

«Kitap okaýan dünýäni görer»: özüňi kämilleşdirmek üçin saýlama kitaplar

Ak şäherim Aşgabat 2026: Binagärlik, innowasiýa we durnukly şäher gurluşygy boýunça halkara forum

📎📎📎📎📎📎📎📎📎📎